TEATR: DÖWRÜŇ KÄMIL KEŞBI

12-16-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Türkmen teatr sungaty» atly teatr bäsleşigi belent ruha beslendi.

Hormatly Prezidentimiziň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen «Mertler Watany beýgeldýär», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynda täsirli beýan edýän milli ýörelgelerimiz rowaýatlar, ertekiler, tymsallar sahna arkaly tomaşaçylara ýetirildi. Bulardan başga-da bu ajaýyp eserlerde öz beýanyny tapan nusgawy şahyrlarymyzyň hem-de gujur-gaýraty, edermenligi bilen gojaman taryhyň gatlarynda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşplerine uly orun berildi. Türkmen tebigatynyň ynsan saglygy üçin peýdaly ýerleri barada gürrüň berýän sahna eseriniň sahnalaşdyrylandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň «Ömür daragty», Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Seýitnazar Seýdi», Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Alpnama», A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň «Türkmeniň bagty», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň «Arçman rowaýaty», Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Üç dana», Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň «Soltan Jelaleddin», Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Watanym — seždegähim», Türkmen döwlet gurjak teatrynyň «Heňňamlaryň hekaýaty», Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň «Soltan hakykaty hakda rowaýat» atly spektakllary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Many-mazmuny, çeperçilik taýdan kämilligi bilen tapawutlanan spektakllarda teatr sungatynda ulanylýan dürli serişdeler giňden peýdalanyldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäsleşige gatnaşan teatrlary öz sahnalaşdyran sahna eserlerini onlaýn arkaly tomaşaçylara görkezdiler.

Bäsleşik ýurdumyzyň teatr işgärlerine biri-birleri bilen pikir alyşmaga hem-de olaryň gündelik iş aladalary bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzyň tanymal sahna ussatlaryny bir supranyň başyna jem eden bäsleşik bu ugurda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etmäge, ýaş zehinlere öz ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga hem amatly şertleri döretdi.

Bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň teatrlaryna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň döredijilik topary «Ömür daragty» spektakly üçin birinji orna, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Alpnama» spektakly üçin ikinji orna, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary «Arçman rowaýaty» spektakly üçin üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti Ş.Kasymowa «Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin», A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti A.Pawlow «Erkek keşbini oňat ýerine ýetirendigi üçin», Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň suratkeşi M.Annamyradow «Suratkeşiň iň oňat işi üçin», Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň saz bezegçisi Ş.Amannepesow «Iň oňat saz bezegi üçin», Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti D.Meläýewa «Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin», Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti D.Taganowa «Iň ýaş zehin üçin», dramaturg G.Daňatarow «Iň oňat sahna eseri üçin» diýen ugurlar boýunça baýraklara hem-de Hormat hatlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň işine işeňňir gatnaşanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýörite we höweslendiriji baýraklary, Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy.