Paýtagtymyzda teatr toparlarynyň döredijilik ýaryşy geçirilýär

12 ― 16-njy maý aralygynda Aşgabatda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan «Türkmenistanyň teatr sungaty» atly ýaryşyň çäklerinde çäreler geçiriler. Ýaryşa Türkmenistanyň ähli künjeklerinden teatr toparlary gatnaşyp, tomaşaçylar paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlaryna baryp görmäge, welaýatlarda ýerleşýän teatrlaryň sahna eserlerine bolsa onlaýn görnüşinde tomaşa etmäge mümkinçilik alarlar.  

Şu gün paýtagtymyzdaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda bu döredijilik ýaryşynyň dabaraly açylyşy boldy. Şeýle hem ýaryşyň birinji gününde Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda «Soltan hakykaty hakda rowaýat» atly ilkinji sahna eseri görkezildi. Şol gün Alp Arslan adyndaky teatrda hem «Seýitnazar Seýdi» alty sahna eseri tomaşaçylara ýetirildi.

Isleg bildirýänleriň her birine spektakllara tomaşa etmäge mümkinçilikler döredilendir.