AŞGABAT — ÖMÜR ÖRKÜM

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gözbaşynda duran ussat halypalar barada gürrüň edilende, ilki bilen, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň nurana keşbi göz öňümizde janlanýar. Ýaşap ýören bolsa, maý aýynyň 1-ine doglan gününe 101 ýyl dolmaly halypa aýdymçy hemişe özüniň merjen şäherimiz Aşgabatda doglandygyna, bu şäherde öz bagtyny tapandygyna buýsanyp, öz döredijiliginde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, uly ösüşlere beslenýän paýtagtymyz bilen bagly aýdymyň bardygyna guwanýardy.  

«...Uzak ýaşan ömrüm Aşgabat şäheri bilen bagly boldy. Men ozalky Ahalyň, häzirki Aşgabadyň çäginde ýerleşýän Büzmeýinde doguldym. Soňra bu şäherde bilimdir terbiýe alyp, Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girdim. 1941-nji ýylda Aşgabatda ilkinji Opera we balet teatry açyldy. Şol wagt men öz boýdaşlarym — geljekde tanymal opera we teatr, kino artistleri bolup ýetişen gyzlar bilen täze açylan teatra işe çagyryldym. Şol ýyl täze teatrda «Zöhre-Tahyr» operasy sahnalaşdyryldy. Maňa ilkinji gezek sahnalaşdyrylan operada baş gahrymanlaryň biri Mahymyň keşbini janlandyrmak miýesser etdi. Bu ýatda galyjy wakadan köp wagt geçmänkä, öz kärdeşim Hojadurdy Annaýew bilen durmuş gurduk. Ilkinji dünýä inen gyz perzendimize bolsa maňa opera aýdymçysy hökmünde üstünlik getiren «Zöhre-Tahyr» operasynyň baş gahrymanlarynyň biri Mahymyň adyny dakdyk. Aşgabat dürli taryhy syýasy wakalaryň bolup geçen ýeri. Mundan başga-da bu ýerde ençeme sungat eserleri döredi. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň aýagynda, 60-njy ýyllarynyň başynda şahyr Gara Seýitliýewiň «Aşgabat» atly goşgusyna kompozitor Daňatar Öwezow aýdym döretdi. Iki ussadyň ak şäherimiz Aşgabada bolan çäksiz buýsanjyny şöhlelendiren bu ajaýyp aýdymy aýtmak bagty maňa miýesser etdi. Uzak ýyllaryň dowamynda bu aýdym bilen Polşa, Hindistan, Owganystan, Wengriýa, Mongoliýa ýaly dünýä döwletleriniň ençemesine aýlandym. Bu ajaýyp aýdym meniň sungata baglan ömrümi bezedi. Men onuň bilen dünýä halklarynyň aýdym-saz muşdaklarynyň göwnüni galkyndyrdym. Ak şäherimize bagyşlanan aýdym bilen Indoneziýanyň paýtagty Jakartanyň otuz müň adamlyk sport toplumynda çykyş edenim şu günki ýaly ýadymda. Şonda toplumyň içindäki otuz müň adam ör turup, joşgunly el çarpdy. Aýdym tamamlanandan soňra, maňa ter gül çemenlerini gowşurdylar. Şol pursat kalbymy Watanymyzyň ýüregi Aşgabada bolan buýsanç duýgusy gurşap aldy. Sungata baglan ömrümde paýtagt şäherimiziň gün-günden täze keşbe eýe bolýandygyny görmek miýesser etdi. Hemişe şeýle buýsançly pursatlarda sungat ussady hökmünde üstünlik getiren «Aşgabat» atly aýdymyň: «Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat!» diýen setirlerine hiňlenenimi duýman galýaryn. Sebäbi Aşgabat — meniň ömür örküm!».