Teatr suratkeşi Bäşim Garajaýew

Ýaldyrap dogan günüň nury Aşgabadyň baglaryny hasam görke getirdi. Baglaryň al-elwan gülleriň arasyndan suw düwmeleri atylyp çykýardy. Gün şöhlesi suw damjalaryna düşüp, älemgoşar emele getirýärdi. Bu görnüş diýseň gözellikdi. Suratkeşler birleşiginiň agzasy, zehinli teatr suratkeşi Bäşim Garajaýew bu bagyş şeýle gözelligini şekillendiriş sungatynyň diline geçirmäge howlukýardy. Suratkeşiň palitrasy dürli reňklerden doludy. Gözel görnüşiň, heýkeli gurşap alan milli nagyşly nepsi çekilen halylaryň keşbi dura-bara janlanýardy. Suratkeş bu wagt diýseň joşýardy. Haly nagyşlarynyň ülňüdäki keşbini synlap, çuňňur oýa batýardy. Gadymyýet durmuşymyz barada gürrüň berýän “Däli Domrul” spektaklynyň çeper bezegi üçin gözlegdedi. Suratkeş her bir spektakly çeper bezemek üçin mydama tebigat gözelligine ýüzlenýär, ençeme kitaplar, resminamalar bilen tanyşýar.

...1963-nji ýylda Marynyň Gökje obasyndan gelen ýaşajyk Bäşim Aşgabadyň ýörite çeperçilik mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde ol belli teatr suratkeşleri Türkmenistanyň halk suratkeşleri Şamuhammet Akmuhammedowdan, Annadurdy Almämmedowdan tälim alýar. Ol ýörite mekdebi tamamlap, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatryna çeper bezegçi bolup işe gelýär. Ol teatryň baş režissýory Abdylla Ýakubow bilen birlikde “Öwrümli ýollar”, “Ykrar”, Türkmenistanyň halk artisti Durdymämmet Oraýew bilen “Duel” spektakllarynyň çeper bezegini ýerine ýetirip, teatr sungatynyň çylşyrymly tilsimlerini, bezegçilik käriniň abyny-tabyny alyp, tejribe toplap başlaýar. Ýaş suratkeş ýene-de okamaly, ussatlardan tälim almaly diýip kalbynda elmydama pikir ýüwürdýärdi. Ol şeýle hem etdi. 1972-nji, 1979-njy ýyllar aralygynda Moskwanyň akademiki çeperçilik teatrynyň ýanyndaky ýokary bilimli stenografçylary taýýarlaýan mekdep studiýasynda okaýar. Ol bu studiýany tamamlandan soň ýene-de öňki işlän teatrynda suratkeş bolup işe başlaýar.

Bäşim Garajaýewiň döredijilik örüsiniň oňa dürli ugurly, dürli mowzukly spektakllary ökdelik bilen bezäp bilmegine ýardam edýär. Suratkeşiň utýan tarapy spektaklyň esasy mazmuny, artistleriň sahnada erkin oýnap çynlakaý keşp döretmeklerine kömek berýän çeper bezegleri döredip bilmegi bolsa gerek. Haýsy spektakl bolsa bolsun, ol gerekmejek detallary, ýerliksiz reňkleri ulanman, umumylaşdyrylan keşpli bezeg bilen bezemäniň hötdesinden gelip bilýär. Ine-de, onuň rus nusgawy dramaturgy A.N.Osrowskiniň “Haram pullar” gülküli oýnuny bezeýiş ülňüleri (režissýory A.Ýakubow). Suratkeş spektaklda rus halkynyň milli geýimlerini, binagärligini, tebigat aýratynlygyny aýdyň şekillendirip bilipdir. Öýüň içindäki mebeller, gara bulutly asman çüýrük, ykrarsyz döwrüň atmosferasyny suratlandyrýar.

W.Wişnewskiniň “Optimistik pajygasyny” ýüzlerçe teatr sahnalaşdyrdy. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Abdylla Ýakubow, suratkeş Bäşim Garajaýew beýleki teatrlaryň hiç biriniňkä meňzemeýän özboluşly sahna çözgüdini tapypdyrlar. Suratkeş spektaklyň rewolýusion wakasyny keşbiň üsti bilen beýan etmegi başarypdyr. Sahnanyň fonuny gök asman, deňiz tolkunlary tutýar. Sahnada bolsa harby kreýseriň ütki görnüşi garamtyl, gyzyl reňkli bezeg bilen örtülipdir. Sahnada suratkeş artistleriň erkin hereket edip, olaryň isledigiçe keşp döredip bilmeklerine kömek edýän bezegini gurnamany başarypdyr. “Optimistik pajyga” spektaklynyň çeper bezeginiň ülňüleri stenograflaryň Bütinsoýuz festiwalynda diploma mynasyp bolmagy oýnuň çeper bezeginiň şowly çykanlygyndan habar berýär.

Bäşim Garajaýewiň Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrda ýurdumyzda atlary tanalýan dürli döredijilikli režissýorlar D.Oraýew, A.Ýakubow, A.Kömekow, B.Seýdyllaýew, T.Mämmetweliýew we başgalar bilen dürli ýyllarda spektakllar sahnalaşdyrmagy onuň döredijilik geriminiň giňelmegine, tejribesiniň artmagyna ýardam etdi. Ol indi bütin düýrmegi bilen jadylaýjy, kyn bolan teatr sungaty bilen çynlakaý iş salyşyp başlaýar. Ol bu teatryň sahnasynda A.Atajanowyň “Aýzada”, N.Geldiýewiň “Seýdi”, A.Gylyjowyň “Köýten nalasy”, B.Kerbabaýewiň “Gurban Durdy”, ermeni dramaturgy Ter Grigorýanyň “Guguş operasiýasy” ýaly sahna eserleri bezedi. “Guguş operasiýasynyň”  sahna bezegi üçin Bäşim Garajaýew SSSR Suratkeşler birleşiginiň diplomyna mynasyp boldy.

Bäşim Garajaýewi Aşgabadyň ozalky Ýaş tomaşaçylar teatryna işe çagyrýarlar. Indi bu zehinli suratkeşi beýleki teatrlar hem spektakl bezetmek üçin idäp ugraýarlar. Ol dürli teatrlarda dürli režissýorlar bilen işleşip başlaýar. Suratkeş ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda A.Wolodiniň “Ýagşyzada we haramzada”, H.Akyýew bilen B.Gurbanowyň “Babagammar”, oazlky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda A.Taşowyň “Owadan gelin” sazly komediýasyny, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda “Jadyly gylyç”, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Görogly”, Aşgabadyň Synag teatr studiýasynda “Däli Domrul” ýaly spektakllaryň çeper bezegini ýerine ýetirdi. Elbetde, bu spektakllaryň çeper bezeginiň hemmesi şowly çykdy diýsek ýalňyşmarys. Içinde şowlusam bolýardy, şowsuzam. Iň bärkisi, şowsuz spektaklam suratkeşe näme-de bolsa bir zatlar öwredýärdi, indiki işleri üçin sapak bolýardy. Suratkeşiň sahna bezegleriniň hemmesi barada bir makalada aýtmak mümkin däl. Şeýle-de bolsa, onuň soňky bezän iki spektaklynyň çeper bezegi barada aýdasyň gelýär.

Suratkeş 1990-njy ýylda ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda H.Akyýew bilen B.Gurbanowyň “Babagammar” spektaklynyň çeper bezegini ýerine ýetirdi. Bir zady nygtasyň gelýär. Spektaklyň ähli jähtden şowly çykmagy oýny goýan režissýoryň başarnygyna, zehinine köp babatda bagly. Sebäbi suratkeş hem režissýor hem režissýor täze spektaklyň sahna çözgüdi barada pikirdeş bolmaly. Şeýlelikde, režissýor suratkeşiň, suratkeş režissýoryň üstüni ýetirýär. Şunlukda bolsa bütewi, çeperçilik taýdan kämil spektakl döreýär. “Babagammar” spektakly hem pikirdeşleriň tagallasy bilen döredi. Oýny goýan Türkmenistanyň halk artisti, zehinli režissýor T.Mämmetwäeliýew, suratkeş Bäşim Garajaýew ikisi şowly spektakl sahnalaşdyrdylar. “Babagammar” spektaklynda dünýewi pikir, hyýaly oýlanma milli sazyň üsti bilen beýan edilýär. Sahnanyň tutuş daşyny tutup duran bezegiň ýüzündäki adam şekilleri, atlylaryň keşpleri biziň gadymyýetimizi ýada salýar. Dutardan çykýan milli owaz, dramatiki waka çeper bezegler bilen utgaşyp gidýär. “Babagammar” spektakly 1990-njy ýylda Aşgabatda geçirilen “Älemgoşar” atly ýurdumyzyň teatr festiwalynda birinji ýere mynasyp boldy. Şol ýyl spektakl Daşkentde geçirilen ýaşlara teatrynyň sebit festiwalyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gazagystanyň “Nowruz” ady bilen Duşenbede geçirilen teatr festiwalyna gatnaşdy. Aýny adyndaky opera we balet teatrynda  bezegçi suratkeşleriň, şol sanda “Babagammar” spektaklynyň bezegleriniň ülňüleriniň sergisi guraldy. Öňki Soýuzyň ençeme künjeginden teatr tankytçylary, režissýorlary, artistleri türkme suratkeşiniň işine ýerlikli baha berdiler.

1991-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Älemgoşar” ady bilen geçirilen teatr festiwalynda Aşgabadyň synag teatr studiýasynyň “Däli Domrul” spektakly birinji orna mynasyp boldy. Spektaklyň awtory Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bu spektaklyň çeper bezegini Bäşim Garajaýewe ynandy. Spektakl gadymy geçmişimiz barada bolup dünýewi pikiri öňe sürýär. Spektaklda milli mukama, geýimlere köp üns berlipdir. Sebäbi muny “Däli Domrul” spektaklynyň pelsepewi manysy, ýordumy talap edýär. Perde açylan badyna milli dutarda ýaňlanýan owazyň öwüşgüni bilen birleşip gidýän owadan bezege gözüň düşýär. Spektaklyň bezegi diňe bir owadan bezeg bolman, oýny sahnalaşdyran režissýoryň mizanssenalaryň, görnüşleriň üsti bilen diýjek bolýan pikirini ündeýär. Her bir sahnaň öňe sürýän manysyna görä bezeg spektaklyň bütin dowamynda üýtgäp durýar. Bu belli spektaklyň wakasynyň gidýän döwrüniň keşbini, atmosferasyny suratlandyrmaga ýardam edýär. Sahnada türkmen öýüniň keşbi, tärimlerden asylan torbalaryň al-ýaşyl öwüsýän uzyn seçekleri spektaklyň bütin dowamynda uly rol oýnaýar. Hakyky milli şaý-sepler, elde tikilen geýimler bularyň hemmesi milli öwüşgüne çaýylan milli spektaklyň gadymy döwürde geçýändigini beýan edýär. “Däli Domrul” spektakly 1992-nji ýylda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa we Gazagystanyň “Nowruz” atly teatr festiwalyna gatnaşyp, iň ýokary baýraga mynasyp boldy. Spektaklyň stenografiýasy üçin suratkeşe diplom hemem birinji ýer berildi. Bu bolsa suratkeşiň zähmetine, zehinine berlen ýerlikli bahadyr.

Bäşim Garajaýew ýurdumyzyň we öňki soýuzyň möçberinde geçirilen şekillendiriş sungatynyň sergileriniň ençemesine täze-täze eserler bilen gatnaşdy. Ol nakgaş ugrunyň ähli görnüşi boýunça işleýär. 1991-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda “Älemgoşar” atly teatr festiwaly geçirilýän döwründe suratkeş şahsy sergisini gurady.

...Baýak Magtymguly şaýoluny bezäp oturan Magtymgulynyň heýkeliniň gapdalyndan geçip barýarkam suratkeş Bäşim Garajaýewiň surat çekip duranyny gördüm. Ünsli işläp oturan suratkeş bu gün beýik Magtymgulynyň, gözel görnüşli meýdançasynyň keşbini beýan edýär. Ünsüni sowmaýyn diýip, gapdalyndan geçip gitdim. Diýmek, suratkeş mydama gözleýär, irmän-arman işleýär, şunlukda bolsa döwrebap eserler  döreýär.
     

Çary Gullaýew