DAŞ ÝARAN ZEHIN

Sungat baryp, gadymdan bäri mukaddes saýylypdyr. Bu inçelikleri, ajaýyplyklary döredýänem halk, oňa teşne bolýanam. Ol döredijilik ynsanyň kalbyndan syzylyp çykýan jadyly güýçdür. Halk oňa kalbynyň töründen orun beripdir. Türkmen ilinde sungatyň jadysy bilen muşdaklaryny maýyl edýän artist, aýdymçy, dabaraçy, sirk oýunçylary ýaly döredijilige bagry badaşan zehinli adamlara uly sarpa goýlup, toý-meýlisde iň hormatly orna mynasyp görülýär. Olar hemişe halkyň hyzmatynda bolup, halka hezil bermek, ruhuny götermek bilen ýaşaýarlar, döredýärler, zähmet çekýärler. Sungat wekilleri bolan şeýle ynsanlar barada gürrüň etmegiň özi-de örän ýakymlydyr. Öz döredijilik ýoluny tapyp, kesp-kärine uly söýgi bilen jogapkärçilikli çemeleşýän zehinleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenowdyr.

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň baýry artisti Öwezguly Gelenowy, megerem, ilimizde tanamaýan ýok bolsa gerek. Ol Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri döredijilik ukyp-başarnygy bilen sungat äleminde tanymallyga ýeten ussat halypalaryň biridir. Onuň köpgyraňly döredijiliginiň sil kimin joşgunlylygy, söz sözlände owazynyň akgynlylygy hiç kimi biparh goýmaýar. Onuň kakasyna Derýa, atasyna Gelen aga diýerdiler. Gyzylarbadyň (häzirki Serdar şäheri) gaýrasyndaky Tutly obasynda mesgen tutan Gelen aga azan okap, goşgulardyr rowaýatlary gazal edip aýdar eken. Elbetde, atasynyň elinde önüp-ösen Öwezgulynyň şol gazallardan gulagy ganan bolmaly. Ol dört ýaşynda gazal aýdyp bilýär eken. Ýedi ýaşa ýetende bolsa, olaryň maşgalasy Gyzylarbada göçüp gelýär. Şol ýerde ol demirýolçularyň mekdebinde okaýar. Eýýäm dördünji synpdaka Öwezguly çeper höwesjeňleriň arasyndan saýlanyp, Bamyda, Gökdepede, Büzmeýinde, Aşgabatda çykyş edýär. Ol ýaşlyk döwrüni ýatlap, şeýle diýýär:

— Çagalyk dünýäsi diýseň täsin bolýar. Çaga bilesigelijiliginden ýaňa özüňden uly adamlary synlamak bilen arzuwlar ummanynda gaýyp ýörensiň. Çaga kalbyň bilen telewizorda diktoryň labyzly okaýşyna öýkünen bolup ýörseň, ýene bir gün deň-duşlaryň arasynda täsinje wakalar, degişmeler bilen sahna goýup, oýun oýnap ýörensiň. Käte-de sazanda bagşy bolup gopýansyň. Mekdep döwri diňe okamak bilen çäklenmän, aýdym-saza, medeni çärelere gatnaşardym. Ýeri gelende aýtsam, zehinli režissýor, ussat sazanda Bilbil Mämmedow hemmeleretanyşdyr. Onuň bilen ýumruk ýalylygymdan bileje önüp-ösdüm. Orta mekdebi tamamlap, dostum Bilbil bilen ýokary okuw mekdebine okuwa synanyşmaga Aşgabada gaýtdyk. Şol döwür hem ilkinjileriň hatarynda Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky teatr mekdebine okuwa iberildik. Ömür döredijilik ýolumy Bilbil Mämmedowsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.

Zehinli ýigit ýoldaşlary bilen Ýewropanyň mekdebini geçip, okuwyny tamamlaýar. Şol döwür olar milli sahna sungatyna täze öwüşgini getirenler hasaplanylýar. Artist bile okan ýoldaşlary Kakajan Aşyrowyň, Gülnabat Aşyrowanyň, Bilbil Mämmedowyň, Gözel Hajyýewanyň, Oguljan Nyýazberdiýewanyň, Aýsoltan Pälwanowanyň, Ogultäç Hanyýewanyň, Muhammet Bekiýewiň, Durdygylyç Nyýazowyň, Oraz Amangeldiýewiň, Çary Seýitliýewiň, Nury Allaberdiýewiň atlaryny uly guwanç bilen tutýar.

Ol 1973-nji ýylda A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda zähmet ýoluna ilkinji ädimini ädýär we şol ýerde birnäçe ýyllap zähmet çekýär.

Artist bolmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu hünär hemmelere başardybam baranok. Onuň üçin ilki bilen-ä tebigy zehin, üşük gerek. Zehiniňi açyp görkezmek üçin bolsa zähmet çekmek, kalbyňa gozgalaň salýan hyjuw gerek. Bu ýoldan baş alyp çykmak üçin dürli synaglardan geçmeli. Bu Öwezguly Gelenowda hem şeýle boldy. Artist kämilligi, tanymallygy öňinçä arzuwdyr irginsiz zähmeti, taplana-taplana sungaty, zehini bilen gazandy. Ol öz halypalarynyň hatarynda Hommat Müllük, Hajy Annamämmedow, Aman Baýramberdiýew, Oguldurdy Mämmetgulyýewa ýaly sahna ussatlarynyň atlaryny aýratyn hormat bilen tutýar.

«Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdullaýewiň goýan «Magtymguly Pyragy» atly oýnundaky goja Pyragy, Türkmenistanyň halk artisti Durdymämmät Öräýewiň «Otello» spektaklyndaky Kasno, azerbaýjan dramaturgy U.Gajybekowyň aýdym- sazly «Arşin malalan» komediýasynda Soltan beg ýaly ençeme ajaýyp keşpleri oňa hormat getirdi.

Halypa kino sungatynda-da özüni tanadan artistdir. «Altynyň öwüşginindäki» Muhammedi, «Ýok diýmäni başardaky» Toýçusy, «Hasratly söýgüdäki» Nuralysy, «Küştçüdäki» Ballagy, «Ýaşlygymyň dessanyndaky» Ahmet maýyly, «Tapagandaky» Gaýyby, «Ykbal synaglaryndaky» Garasy, «Şaýly gelindäki» Nutdusy, «Mährem Çynardaky» Ylýasy we beýleki çeper filmlerde oýnan keşpleri oňa üstünlik getirdi. Onuň ussatlygy barada režissýor Bilbil Mämmedow şeýle diýýär:

— Öwezguly Gelenow juda synçy adam. Her bir döredýän keşbini durmuşdan alýar. Hüý-häsiýetini, otur-turşyny öwrenýär. Oýnaýan keşbine dürli öwüşginler bermegi başarýar. Ol diýseň göwnaçyk, şahandaz, janypkeş adam. Hemişe adamlaryň gowy tarapyny, ajaýyp häsiýetini gözleýär. Şonuň üçin bolsa gerek, işde-güýçde, daşda-içde ähli ýerde ýaşkiçidir ýaşuly gojalar oňa «Öwez däde» diýip ýüzlenýärler. Öwez dädäniň ýene bir aýratyn tarapy bar. Baryp, ýaşlyk ýyllaryndan döreden «Ykbalym», «Döneýin», «Meňzeýäň» we başga-da birnäçe goşgulary bilen şahyr hökmünde hem tanalýar. Ýadymda, şol döwürler men-ä saz çalardym, Öwezgulam aýdym aýdardy. Öwez dädäniň bagtyýarlyk döwründe kino sungatyna goşan goşandy-da çäksizdir. Onuň milli seýisçilik sungaty barada söhbet açýan «Seýis» çeper filminde ýaşuly seýisiň, «Ömür kerweni» atly çeper filminde Anna Goç atly ýaşulynyň, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby esasynda surata düşürilen filmde Abulkasymyň keşplerini döretdi.

Halypa artist 2001-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry döredileli bäri şol ýerde zähmet çekýär. Teatryň yşky bilen ýaşaýan artist birnäçe keşpleri janlandyrdy. Öwezguly Gelenow Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ata Alowowyň sazly drama eserleri bolan «Şasenem— Garypda» Şa Apbasyň, «Hüýrlukga — Hemrada» Hysrow şanyň, Gowşutgeldi Daňatarowyň «Söýgi we hasratynda» Mejnunyň kakasy Seýidiň, režissýor Aýnazar Batyrowyň goýan «Päk söýginiň güýji» sahna eserinde Nummadyň we beýlekileriň keşplerini ussatlarça ýerine ýetirdi. Ol režissýor hökmünde hem «Şapak», «Münejjim» ýaly spektakllary sahnalaşdyrýar. Sahnada halypanyň Handurdy Berdiýew, Döwlet Hanmämmedow, Akmyrat Arçykow ýaly halypalyga ýeten birnäçe şägirtleri-de kemala geldi. Ýöne onuň ussatlygy diňe bir teatryň çägi bilen çäklenmeýär. Ol bir wagtda ýurdumyzyň üç teatrynda döredijilik hyzmatdaşlygynda bolup, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda goýlan Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Ýurt» sahna eserinde derwüşiň, režissýor Handurdy Berdiýewiň «Watan hakda üç aýdym» sahna eserinde Gurbanmyrat işanyň, «Nusaý söýgüsinde» Sena Türk Ärsak patyşanyň, A.S.Puşkin adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Otello» atly sahna eserinde Otellonyň, režissýor Aşyr Rahmanowyň «Pereňlisinde» Mämmedöwez pälwanyň, «Zöhre-Tahyrynda» Babahan patyşanyň we beýlekileriň keşplerinde çykyş edýär. Şeýle hem, ol ýurdumyzyň dürli teatrlarynyň döredijilik topary bilen Türkiýede, Russiýada, Belarus Respublikasynda geçirilen halkara festiwallaryna gatnaşdy.

Hawa, bu günki gün guýmagursak zehini bilen ýatda galyjy keşpleri döredip, adygan artist teatr we kino sungatlarynyň esasy sütünleriň biridir. Elbetde, kalbynda orun alan atasynyň dileg-arzuwlarynyň şirin labzy, ýaşlygyndan gulagy ganan ene hüwdüsi, uýalarynyň läläleri, mekdebiniň çeper höwesjeňler gurnagy onuň ussat artist bolmagyna täsir edendir. Ýöne maşgalasynda hiç bir sazanda, bagşy, suratkeş, şahyr bolmadyk ojaklardanam «daş ýaran» zehinler kemala gelip ýetişýär. Bu barada pikir aýlap, «Zehin nesil yzarlaýar» diýen jümle bilen halypa ýüzlenenimizde:

— Dogry, ata-babalarymyzyň dana paýhasyndan dörän her bir aýtgylar dürsdür. Il aýtmyşlaýyn bu dana jümläniň jany bar. Biziň maşgalamyzda-da, hatda neberämizde bagşydyr sazanda, garaz sungata baş goşany ýok. Ýöne türkmen milletiniň özi dörediji halk. Islendik ýaşdaky adam hakyky kämil sungata gabat gelende onuň duşundan biparh geçip bilmez. Bu hakykat bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da ýiti duýulýar. Sungatymyzyň hak hossary Hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli sungatymyz görlüp-eşidilmedik derejede galkyndy. Sungata goýulýan bu hormat-sarpa arzuwlara ganat, kalplara joşgun berip, sungat işgärlerini täze gözleglere, üstünliklere ruhlandyrýar — diýip, ol öz buýsanç duýgusyny beýan etdi.

Hawa, sungaty ykbalyna öwrüp, şol älemde öçmejek yz galdyrmaga ýykgyn etmegiň özi bagtyýarlykdan nyşan. Tanymal ussat Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenow Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi, «Watana bolan söýgüsi», «Gaýrat» medallarynyň eýesidir. Döredijiligiň çäginiň bolmaýşy ýaly, kämilligiňem çägi ýok. Bize-de öz gezegimizde ussada ýagşy niýet bilen sungat äleminde üstünlik arzuw edäýmek galýar.

 

Güljahan Goçumowa