«Garybymdan» başlanan ýol

Türkmen opera sungatynyň pajarlap ösmegine ägirt uly goşant goşan Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini belende göterdi. Ussat aýdymçy «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ol ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, özi ýaly tanymal sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada etdi. Ýaşlar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda ol milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bererdi.   

2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Zöhre-Tahyr» operasy görkezildi. Maýa Kulyýewa bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp, ýaş artistleriň çykyşyny synlady. Ussat halypa opera tamamlanandan soň, özünde galan täsirler barada gürrüň berdi. Şol duşuşyga gatnaşmak, ussat halypa bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna eýe bolanymy ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn. Dabaraly duşuşykdan soň, gujagy elwan güllerden doly Maýa Kulyýewa teatryň gapysyna ýöneldi. Men ol gülleri halypaň öýüne äkidişmäge höwes bildirdim. Ol muňa diýseň hoşal boldy. Onuň öýi teatrdan o diýen daşda däldi. Biz pyýadalap öýüne baranymyzda, mähir-mylakatly Maýa Kulyýewa çaý başynda döredijilik ýolunyň käbir pursatlary barada gyzykly gürrüňleri berdi. Şol gürrüňleriň birini okyjylara ýetirmegi müwessa bildim. Çünki halypalaryň her bir sözi, geçen durmuş ýoly biz — ýaşlar üçin diýseň gymmatly.

Ahal welaýatynyň Akdaşaýak obasynda orta mekdepde okap ýörkäm mende sungata bolan höwes döredi. 1936-njy ýylda bolsa meni Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebine okuwa kabul etdiler. Bu mekdepde talyp ýaşlara diňe bir umumy bilim berýän dersler geçilmän, dürli görnüşli gurnaklara hem gatnaşdyrylýardy. Şol döwürde men ol mekdebiň hor gurnagyna gatnaşyp, dürli aýdymlary ýerine ýetirýärdim. Bir gün gurnagyň ýolbaşçysy Allanazar Rejebow wokal ugrundan üýtgeşik sesimiň bardygyny aýdyp, maňa bu ugurda ýekelikde aýdym aýtmagy tabşyrdy. Ýekelikde aýdym aýtmak bolsa talyp ýaşlaryň hemmesiniň höwesidi. Ýöne ýekelikde aýdym aýtmak horda aýdanyň ýaly däldi, sesiň-owazyň aýratyn çykmalydy. Şeýlelikde, men türkmen halk aýdymy «Garybyma» taýýarlyk görüp başladym. Gije-gündiz maý tapsam aýdymyň üstünde işlärdim. Otagymda ýeke galan pursadym bolsa, sesimi has belentden ýaýardym. Sesim daş-töwerege ýaýraýandyr-da, ýoldan ötüp-geçip barýanlar bolýan otagymyzyň penjiresine äňedip, käsi pessaý ýöräp, diňläp geçip giderdiler. Aýdymy taýýar edemsoň, Allanazar Rejebow meni uly zalda diňledi. Men ynam bilen aýdyma başladym.

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen,
Gutly bolsun menzil-mekan, Garybym.
Söhbet et, rakyplar duýmasdan burun,
Ganymatdyr hemin zaman, Garybym...

Allanazar aga aýdymyň bir-iki bendini aýdan dessime: «Boldy-boldy. Seni gözden geçirilişe alýan» diýdi. Men muňa begenip, guş bolup uçdum.

1937-nji ýylyň tomsunda güneşli ülkämiziň paýtagty Aşgabatda ýurt möçberinde çeper höwesjeňleriň aýdym-saz gurnaklarynyň gözden geçirilişi boldy. Paýtagtymyza ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlar ýygnandy. Gözden geçirilişde maňa ilkinji gezek uly märekäniň öňünde çykyş etmek miýesser etdi. Şonda men «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Garybym» diýen aýdymy ýerine ýetirdim. Aýdan aýdymymy tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpyşmalar bilen kabul etdiler. Şonda ansambla drižýorlyk eden ussat bagşymyz Sahy Jepbarowdy. Ol maňa iki mertebe: «Berekella, berekella!» diýdi. Şol aýdymym bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldum. Bu aýdymy men döredijiligimiň başlangyjy — ak ýoly hasaplaýaryn. Şu aýdymdan soň meniň bilen Adygül Orazowany 1938-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky Konserwatoriýasyna okuwa ugratdylar. Ol ýerde biz ekizler Hydyr, Ylýas Allanurowlar, doganlar Aşyr Kulyýew, Gurban Kulyýew, Weli Muhadow, Nury Muhadow dagy bilen bir döwürde okadyk.

...Maýa Kulyýewanyň gürrüňleri meni onuň ussatlyk bilen ýerine ýetiren «Garybym» aýdymynyň dünýäsine atardy. Aýdym hut şu mahal ýaňlanan ýaly, kalbymda ýatdan çykmajak täsirleri oýardy.

 

Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby