Artist Rahat BAÝRAMOWYŇ DEGIŞMELERINDEN

«Hakyky gazly suw»

Tomus günleri Garly kakanyň aýaly ondan günde gazly suw sargaýan eken. Sargyt bir gün däl, iki gün däl, günde gaýtalanypdyr. Ahyryn ol bu ýagdaýdan bir çykalga tapmagy ýüregine düwüpdir. Bir gün dostlarynyň biriniňkä gidip, ýörite gazlarynyň ýüzýän suwundan öýüne alyp gelipdir. Aýalynyň geňirgenmesine bolsa:

— Saňa hakyky gazly suw getirdim. Ynanmasaň, seredip göräý, içinde gazlaryň ýeleklerem bardyr — diýip, bilmezlige salyp, syrly ýylgyrypdyr. Aýaly şondan soň gazly suw sargamasyny goýupdyr.

«Düýnki ýaly bolar»

Bir gün teatrda kärdeşleriniň biri bilmezlikde Garly kakanyň günortanlygyny iýipdir. Türgenleşikden soň halys ajygan Garly kaka:

— Kim meniň naharymy iýdi? Eger seslenmese, düýnki ýaly bolar — diýip, hüňürdeýärmişin. Ahyryn kärdeşleriniň biri düýn nämäniň bolandygyny biljek bolup, oňa:
—    Garly kaka, düýn näme boldy? — diýip sorapdyr. Garly kaka-da:
—    Düýnem golaýdaky naharhana gidip naharlandym, ýene şeýtmeli bolar — diýip jogap beripdir.

«Men ikelläp razy..»

Bir gün Garly kakanyň ogly it edinesiniň gelýändigini aýdyp, dawa edip başlaýar. Är-aýal muňa ör-gökden gelýärler. Garly kaka:

—    Oglum, öňem howluda aýlanara ýer ýog-a!..

Aýaly:
—    Men itden öler ýaly gorkýan. It gelse, goňşulara gümür-ýamyr edişmäge gidip bilmerin. Öýden çykman oturaýmasam — diýenden Garly kaka:
— Oglum, men razy, ejeňi öýe ýygnajak bolsa, ikelläp razy — diýip, begençli seslenipdir.