TAGAN SARYYEWIŇ DEGIŞMELERINDEN

1942-nji ýylda Gökdepäniň etegindäkl obalaryň birinde dünýä inen Tagan Saryýew çagalykdan öz wäşiligi, alçak degişgenligi bilen deň-duşlaryna, mugallymlaryna özüni aldyrýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy tamamlanandan soň, Taganlaryň maşgalasy Aşgabada göçüp gelýär hem-de ol häzirki 14-nji orta mekdepde okaýar. Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýew Taganyň ýiti zehinini görýär. 1961-nji ýylda Tagan Saryýew türkmen telewideniýesinde režissýoryň assistenti bolup işe başlaýar hem-de her dürli degişme sahnalarda çykyş edip, il arasynda adygyp ugraýar. Ýazyjy Magtymguly Myşşyýewiň “Annamyň brigadir bolşy” atly gysgajyk sahnasynda çykyş edenden soň, ol “Annam brigat” adyny alýar. Bary-ýogy 38 ýaşynda dünýeden gaýdan Tagan Saryýew ençeme kinofilmlerde, spektakllarda, gysgajyk sahnalarda döreden keşpleri bilen halkyň söýgüsini gazandy. Türkmenistanyň halk artisti Tagan Saryýewiň degişmelerini dürli döwürde dogan-garyndaşla- yndan, işdeş ýoldaşlaryndan ýazyp aldym.  

«KAK BAŞI!»

Bir gezek Tagan Saryýew döredijilik saparynda bolanda, öz işdeş ýoldaşy bilen biriniňkä myhmançylyga barypdyr. Şonda öý eýesi iki agyz söz aýdyp, aldygyna:

—    Kak bäşi! - diýip, elini uzadýan eken.

Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanandan soň, Tagan çep elini onuň öňünde goýup oturyberipdir.

—    Bu näme boldugy? — diýip, öý eýesi geňirgenip soranda, Tagan:
—    Ynha, el, islän wagtyň bäşi kak-da otur — diýip, gülüp jogap beripdir.

DINE BIR ZAT MAŇA DEGIŞLI

Tagan Saryýew öz dosty bilen toýa gidipdir. Toýa has irräk barypdyrlarmy ýa-da nahary atarmagyň gijiräk ugruna çykypdyrlarmy, garaz, Tagan toý eýesiniň haýyşy bilen ojagyň ýanyna gazany göterip äkidip beripdir.

—    Tüweleme, sen zor-la! — diýip, toý eýesi oňa bir halta soganam getirdipdir. Soňra bolsa dosty bilen ojagyň ýanyna odun hem daşap bolandan soň, Tagan maňlaýyna inen derini sylypdyr-da, toý eýesine soragly nazaryny aýlapdyr.
—    Sen meniň adymyň nämedigini bilýänsiň-le?
—    Bilmän näme? Tagan! — diýip, toý eýesi onuň bu sowaly bermesiniň sebäbine düşünmändir.
—Tagana götermäge diňe gazan degişlidir welin, siz... — diýip, ol sözü- ni soňlaman goýupdyr. Onuň näme diýmekçi bolýandygyna düşünen adamlar ala-wakyrdy bolup gülşüpdirler.

PIŞIKLI GELEN

Mekdepde okaýan döwürleri Tagan Saryýew şol wagtda ýaş höwes- jeňleriň artistlik gurnagyna gatnaýan eken. Bir gezek ol goňşy oglanlar bilen spektakla tomaşa etmäge teatra gitmekçi bolýandyklary üçin gurnak ýolbaşçysyndan irräk goýbermegini haýyş edipdir.

Ol Tagany ir goýbermegiň ýerine dürli gürrüňler bilen gepe güýmäpdir. Birdenem ol:

—Hany, sen bize owlak bolup bersene — diýip, Tagana ýüzlenipdir.

Tagan owlagyň hereketlerini edipdir.

—    Berekella! - diýip, ol soňra Tagandan ýene-de birnäçe haýwana öýkünmegini sorapdyr.
—Indi sen it bolubam görkez - diýip, ol ýene tabşyryk bermegini do- wam etdiripdir.

Tagan “Waw-waw!” edip, birden batly ylgap gidiberipdir. Gurnak ýolbaşçysy onuň yzyndan seredip, aňalyp galypdyr. Tagan bolsa ol gün yzyna dolanyp gelmändir.

Teatra gidip, spektakla tomaşa edip, ertesi keýpiçag gurnaga gelen Tagany ýolbaşçysy närazylyk bilen ýerinden turzupdyr.

—    Sen näme düýn birden gaçdyň gidiberdiň? - diýip, ol gaharly gepläpdir.

Taganyň jogaby taýýar eken.

—    Men hiç ýere gaçamok. “It bol” diýen wagtyňyz gapdalymyzdan pişik geçdi. Şony kowaladym. Ahyrsoňam tutup getirdim, ynha - diýip, ol torbasyndan gara pişigi çykarypdyr.
     Çagalar gülşüpdirler. Gurnak ýolbaşçysy hem hezil edip gülüpdir.

ONÇASYNY BILMEDIM-DÄ...

Tagan Saryýew bir döwürler öňki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda-da işläpdir. Täze spektakllaryň birinde Tagana-da keşp döretmegi ynanýarlar. Spektaklyň režissýory diýseň gaharjaň adam eken. Ol artistleriň hereketlerinden kem tapyp, gykylyklap, käýinýän eken. Her gezek käýinende-de “Beýle hereket eder ýaly, näme maňa samsykdyr öýdýäňizmi?” diýen sözleri aýdýan eken.

Bir gezek ol Tagan Saryýewe-de ýerliksiz igenipdir-de.

—    Näme, maňa samsykdyr öýdýäňmi? — diýipdir.
—    Onçasyny bilmedim-dä... Täzeräk işe gelemsoň, siziň bu ýagdaýyňyzdan habarym bolmasa näme? diýip, Tagan Saryýew gülmän-yşman jogap beripdir.

ÖZÜŇ HASAPLAÝSANA

Telewideniýede täze spektakl ýazgy edilende, Tagan Saryýewiň öýe giç gelýän wagtlary kän bolýan eken.

Bir gün ýazgy has-da uzaga çekip, Tagan Saryýew öýe gaty giç gelipdir.

Aladaly ýagdaýda garşylan aýaly oňa:

—    Wah, “Öýe giç gelme” diýip, näçe gezek aýtdym — diýipdir.
—    Meniň-ä, dogrusy, iş-aladam ýetik. Ýumuş görme-de, näçe gezek aýdanyňy özüň hasaplap biläysene - diýip, ol argynlyk bilen öýe girip gidipdir.