Haýtmyrat Durdyýewiň DEGIŞMELERINDEN

«Lukmana görünäýýäs...»

Haýtmyrat Durdyýew dagy sahnada täze oýun goýýan ekenler. Onuň gülküli keşp döredýän kärdeşleriniň biriniň, ol gün hiç keýpi bolmandyr. Haýtmyrat Durdyýew onuň ýagdaýyny aňypdyr-da, gülküli wakalary gürrüň berip, şähdini açmaga synanyşypdyr. Ol şunça jan etse-de, hiç bolmandyr. Ahyrynam sabyr käsesi püre-pür dolan Haýtmyrat onuň näme meselesiniň bardygyny içginläp sorapdyr.

Häliden bäri birje gezegem ýylgyrmadyk kärdeşi ýarylypdyr:

— Wah, Haýt kaka, uzak gije dişim agyryp, ýer köwüp geçirsem näme?! — diýipdir. Onuň keýpini göterjek bolup eden synanyşyklary puja çykan Haýtmyrat:
—    Bäh, seniňki kyn eken-aý! Biz-ä dişimiz agyrsa ýer köwüp, işläp ýörem- zok. Lukmana görünäýýäs — diýip, jogap beripdir.

Sagat biri «gorkuzýarmy?»

Çylşyrymly sahna oýunlarynyň goýulýan döwri Haýtmyrat Durdyýew dagy sahnadan düşmän türgenleşik geçipdirler. Bir günem halys ýadan Haýtmyrat işe täze gelen ýaşyrak artistleriň birine:

—    Sagadyňa seredäý-dä. Sagat biri «gorkuzýarmy?» — diýip sorag beripdir. Haýtmyradyň degişmesine düşünmedik kärdeşi:
—    Haýt kaka, sagat bire on bäş minut bar. Şeýle bolanda, näme, bir gorkýarmy? — diýipdir.

Nahary üýtgedäý-how!

Haýtmyrat her gün öýüne gelende, aýaly öňüne heýgenek goýýarmyşyn. Bu ýagdaý bir hepde ýaly dowam edipdir. Bir günem Haýtmyrat sypaýyçylyk bilen aýalyna:

—    Keýwany, şu gün bir üýtgeşigräk nahar bişireweri — diýip, işe ug-
rapdyr. Aýaly boýun bolup galypdyr. Agşamlyk ol işden gelende öňüne näme goýlandyr öýdýäňiz?! Elbetde, buglanan towuk.

Naharyň üýtgänine begenen, ýöne onuň towukdygyna gülküsi tutan Haýtmyrat:

—    Keýwany, sen-ä maňa ganat çykarmagy ýüregiňe düwüpsiň öýdýän? — diýipdir.

 

Taýýarlan Annamuhammet Baýmuhammedow