TANS SUNGATY BARADA

Tans — çeperçilik keşpleriniň adam bedeniniň sazlaşykly hereketleriniň serişdeleri we manyly ýagdaýlarynyň ritmiki taýdan dürs hem üznüksiz çalşygy bilen döredilýän sungatyň görnüşi. Tans saz bilen aýrylmaz baglanyşykda bolup, onuň duýguly keşp mazmuny horeografiýa kompozisiýasynda, hereketlerinde, şekillerinde özüniň beýanyny tapýar. Bu düşünje «horeografiýa» diýen häzirki zaman adalgasyndan biraz başga, has çuňňur mana eýedir, has dogrusy onuň grek köküniň manysyny şöhlelendirýär («chorey»- hereket).

Tans güýji we çeýeligi ösdürýär, beden gurluşyny, hereketleriň utgaşygyny gowulandyrýar, hereketleriň özözünden döreýjiliginiň we erkinliginiň ösmegine ýardam edýär, akyl ýetiriş işjeňligini we işe ukyplylygy ýokarlandyrýar.

Bal tanslary — gadymy gözbaşa eýe bolan we parket düşelen jaýlarda geçirilýän agşamlarda, ballarda, ýaryşlarda ýörite tans aýakgabynda ýerine ýetirilýän jübüt tanslaryň topary. «Bal» fransuz dilinden gelip, «tans etmek» diýmegi aňladýan «ballare» latyn işliginden gelip çykýar.

Taryhy bal tansy tomaşa üçin dürli eýýamlarda jemgyýetde ýerine ýetirilen, formal jemgyýetçilik tansynyň islendik görnüşidir. Barokko eýýamyndan soň tans eýýäm sportuň öz üstüne alýan keşbini  kabul edýär, ruhuň medeniýeti bilen bir hatarda bedeniň medeniýetini saklamagy-da özünde jemleýär.

«Sport tansy» häzirki zaman düşünjesiniň girizilmegi bilen «bal tanslary» adalgasy «sport bal tanslary» diýen çäkli düşünjäni aňladyp başlady.

Sport bal tansy — sport tanslarynyň iki görnüşini birleşdirýän tans görnüşi. Standart we Latyn Amerika stillerini özünde jemläp, olar bäsleşik ýaryşlary şertlerinde ýerine ýetirilýär. Ýewropa programmasyna şular girýär: haýal wals, tango, wena walsy, haýal fokstrot we kwikstep (çalt fokstrot). Latynamerika programmasyna bolsa samba, ça-çaça, rumba, pasodobl we jaýw girýär. Sport bal tansy sportuň we sungatyň alamatlaryny özünde jemleýär. Hereket endikleri, çalasynlyk, hereketleriň sazlaşygy bilen bir hatarda, ýerine ýetirijiniň tansda beýan
eden we tomaşaça berýän estetiki täsiri, çeperçilik mazmuny uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen hem, bal tanslary suratkeşligiň we edebiýatyň «doňup galan» eserlerinden tapawutlanýar. Tans öwretmekligiň irki çagalyk döwründen başlanmagy wajypdyr, çünki çaganyň ömrüniň hut şu ýyllarynda onuň saglygynyň binýady tutulýar we şunda işjeň hereket düzgüni möhüm rol oýnaýar.

 

Fiza Aýwazowa