Gülälek AKMYRADOWA

Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň režissýory:

— Ýurduň ösüşine, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna sesiňi goşmak medeniýet işgärleri üçin uly borç hem beýik buýsançdyr. Turuwbaşdan, bu mukaddes düşünjä eýeren türkmen teatr sungaty öz maksatlarynyň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň hut öz göreldesinden alýar. Milli Liderimiziň türkmen teatr sungatyna goýýan sarpasy biz üçin aýratyn hormatdyr. Türkmeniň iň asylly häsiýetleriniň biri bolan halypa-şägirtlik mekdebini aýratyn üns merkezinde goýýan mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp ýörelgesi teatr sungatynda has hem pajarlaýar. Merdana ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, Garaşsyz döwletimiziň bu günki ýeten belent derejeleri dogrusynda sahna eserlerini döretmegimiz üçin hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, eserleri biziň teatr sungatymyzyň çelgisi bolup durýar. Çünki süňňi paýhasdan, mähirden, söýgüden düzülen ol eserler adam ykballaryny açyp görkezmekde bize nusgadyr. Ol kitaplardaky beýan edilýän wakalar goýazy temalary gozgaýar. Biz bolsa şol eserleriň üsti bilen öz dilimizde — teatr sungatynyň dilinde dürli röwüşde täze eserleri döretmegi maksat edinýäris. Teatr adamlaryň iň gowy häsiýetlerini açyp görkezip, şatlykly, duýguly pursatlaryň tomaşaçylar bilen paýlaşylýan ýeri. Söz beýik gudrat bolsa, teatr şol gudratyň jana gelýän ýeri. Ýamany ýazgaryp, ýagşyny ýaýýan mukaddes ojak. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda teatr işgärleriniň wezipesi hasam artdy diýsem öte geçmerin. Çünki halklaryň, milletleriň özara ynanyşmagyny gazanmakda, adamlaryň özara ynanyşmaklary wajyp bolup durýar. Teatr bolsa şol gatnaşyklaryň inçelik bilen yzarlanylýan mesgeni. Aslynda, teatr baradaky düşünjäni umumylaşdyranymyzda, bu ýerde her kim öz ykbalyna keseden tomaşa edip biler... Käte, teatryň wekili hökmünde hyýalyňda her bir adam bilen söhbetdeş bolýarsyň. Olaryň hemmesiniň teatr atly mukaddes ýeriň jadysyna jadylanmagyny isleýärsiň. Bu ýere gelen her bir adamyň kalbynda teatra örklenmek duýgusynyň döreýänligi geň ahwalat däl...

Biziň ajaýyp durmuşymyz üçin, Watanymyzyň ýeten belent derejeleri üçin janaýaman zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!