Sahna oýnunda tejribeli sözaýdyjy zenan Hanumanyň gyzykly başdan geçirmeleri beýan edilýär. Mekirligi, ugurtapyjylygy bilen ol ýaş aşyk-magşuklara ― garyp oba mugallymy Kote bilen baý söwdagäriň gyzy Sone maksat-myratlaryna ýetmäge kömek edýär.
“Ependi ýa-da gülkünç goňşy” atly sahna oýny
“Ependi ýa-da gülkünç goňşy” atly sahna oýny ýomagyň hem gülküniň taýsyz ussady, baryp orta asyrlardan bäri dünýäniň köp halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanan Hoja Nasreddin Ependi hakynda.
B.Suhanowyň “Ýusup-Züleýha” atly sahna oýny
Edebiýatda söýgi, ahlak mowzugy ýaly hiç wagt garramaýan garramaýan nyşan hökmünde ýaşap gelýän hakyky keşpler hem bolýar. Rüstemiň pälwanlygyň, Lukmanyň tebipligiň, Mejnunyň söýginiň, Karunyň keşbiniň harsydünýäligiň alamaty bolşy ýaly, Ýusubyň keş